Bildirişler Bildirişler we habarlaşmak üçin maglumatlar

Talyplaryň we mugallymlaryň dykgatyna!

     Senesi: 2021-05-01

Bäsleşikde şu aşakdaky düzgünlere hökmany suratda eýerilmelidir.



(Bu düzgünler bäsleşik başlanmazyndan öň bäsleşik geçirilýän okuw otagynda gözegçi tarapyndan gaty ses bilen okalmalydyr)



 



1. Bäsleşigiň dowamynda islendik sebäbe görä, okuw otagyndan daşary çykmak gadagan edilýär. Bäsleşik geçirilýän okuw otagyndan daşary çykan talyplar gaýtadan içeri goýberilmeýär.



2. Bäsleşik başlanyndan soň, gözegçilerden sorag soramak, olar bilen gürleşmek gadagan edilýär, şol sanda, gözegçileriň hem talyplar bilen ýuwaş ýa-da gaty ses bilen gürleşmekleri, talyplaryň bir-birinden galam, bozguç almaklary     ýa-da sorag soramaklary gadagandyr.



3. Bäsleşigiň dowamynda gözegçileriň her bir aýdýan zadyna gulak asylmalydyr. Olaryň görkezmeleri ýerine ýetirilmelidir. Zerur bolan halatynda gözegçiler siziň oturan orunlaryňyzy hem üýtgedip biler. Eger-de düzgünleri bozsaňyz ýa-da berilýän duýduryşlara gulak asmasaňyz, bu barada Beýanda bellik edilýär we bäsleşigiň netijesi güýçsüz hasap edilýär.



4. Bäsleşik geçiriljek okuw otagyna gireniňizde ýanyňyzda galamdan (ruçkadan), talyp şahadatnamasyndan başga hiç zat, ýagny telefon, kalkulýator, okuw kitaplary, sözlük, jetwel, aragatnaşyk enjamlary we ş.m.... bolmaly däldir.



5. Soraglaryň we olaryň jogaplarynyň goňşy kompýuterler bilen meňzeş gelmezligini gazanmak maksady bilen, Test programmasy awtomatiki ýagdaýda soraglaryň we olaryň jogaplarynyň geliş tertibini üýtgedýär. Şonuň üçin goňşy kompýuterlere seredip, jogap bermekligiň sizi ýalňyşlyga iterjekdigini öňünden ýatladýarys.



Bäsleşigiň dowamynda göçüren, göçürmäge çalyşan, göçürden, göçürmäge kömek eden talyplaryň ady Beýana ýazylýar we olaryň alan netijeleri güýçsüz hasap edilýär.



Gözegçiler göçürmäge ýa-da göçürtmäge çalyşýanlara duýduryş bermäge borçly däldir. Bäsleşigiň dowamynda ähli jogapkärçilik siziň üstüňize ýüklenilýär.



6. Bäsleşigiň dowamynda iýip-içmek, sakgyç çeýnemek gadagan edilýär.



7. Jogaplaryň kompýuter programmasyna girizilmegi möhümdir. Çünki kagyza ýazylan dogry jogaplar bahalandyrylmaga degişli däldir.



8. Eger-de kompýuteriň işleýşinde kemçilik ýüze çykan ýagdaýynda (klawiatura, syçanjyk ýa-da test programma üpjünçiligi talaba laýyk işlemese) dessine bu  barada gözegçilere habar beriň.



9. Gözegçiler tarapyndan berlen «ulanyjy ady» we «parol» kompýutere girizilenden soň «eSynag» programma üpjünçiligi işläp başlar. Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «ulanyjy adynyň» we «parolyň» çylşyrymly düzülendigini göz öňünde tutup, kompýutere «ulanyjy ady» we «parol» girizilende ünsli bolmak maslahat berilýär.



10. Şol bir ders boýunça bäsleşigiň test soraglaryny çözmäge diňe bir gezek gatnaşyp bilersiňiz, ikilenç gatnaşmak gadagan edilýär. Şol bir talyp birnäçe ders boýunça bäsleşige gatnaşan halatynda, oňa her ders boýunça aýratyn «ulanyjy ady» we «parol» berilýär.



11. Gözegçi tarapyndan paýlanyljak möhürli kagyzlary garalama hökmünde ulanyp bilersiňiz.



12. Bäsleşigiň soraglaryna jogap bermek üçin «Matematika» hem-de «Matematikany okatmagyň usulyýeti» derslerine – 120 minut, galan derslere – 100 minut wagt berilýär. Bellenen wagt tamamlandan soňra programma üpjünçiligi kompýuter tarapyndan awtomatiki usulda togtadylýar.



13. Bäsleşige berlen wagt tamamlanmanka soraglary çözüp gutarsaňyz, kompýuteri gözegçilere tabşyryp, okuw otagyndan çykyp bilersiňiz.



14. Testde her soragyň diňe bir dogry jogaby bardyr. Şonuň üçin kompýuter iki dogry jogaby kabul etmeýär.



15. Jogaplaryňyzy bellik etmäge islendik soragdan başlap bilersiňiz, onuň üçin jogaplaryň çep aşaky burçundaky “yza geç” düwmäni basmaly. Bu düwme soragy goýup indiki soraga geçmäge mümkinçilik berýär (bu düwme ýeňil hasap edýän soraglaryňyzy ilki çözmäge, soň çylşyrymly soraglara dolanyp gelmäge mümkinçilik berýär).



16. Test soraglary başlanandan soň, penjiräniň sag ýokarky borçundaky “×” düwmäni basyp, ondan çykmak gadagan edilýär, “×” düwme basylandan soň programma üpjünçiligi awtomatiki ýagdaýda testiň jemini jemleýär we yza gaýtmak mümkinçiligini aradan aýyrýar.



17. Bäsleşigiň netijesinde deň baha (bal) alan talyplardan az wagtda soraglara jogap beren talyplar artykmaçlykdan peýdalanýar.



18. Jogaplary bahalandyrmak işi bal ulgamy boýunça amala aşyrylýar, tötänleýin berlen jogaby aradan aýyrmak maksady bilen, her 4 sany ýalňyş jogap üçin 1 baha (bal) kemeldilýär.